Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnýan adasynyň kurort şäheri bolan Sanýada tamamlanmaga golaýlaşan VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşmäge hukuk gazandy. Bu barada ýarym final duşuşyklarynyň netijelerinden belli boldy.
«Týanýa Haýszýao» klasteriniň oýun meýdançasyna ilki bolup Türkmenistanyň we Wýetnamyň gandbolçylary çykdylar. Bu duşuşyga çenli ildeşlerimiz Şri-Lankanyň wekillerinden 2:0 (12:10, 8:4) hasabynda üstün çykdylar. Ýer eýeleri bolan hytaýly türgenlerden şolar ýaly hasap bilen utuldylar (3:16, 13:22). Mongoliýanyň ýygyndysy bilen bolan bäsleşikde bolsa 2:1 (14:16, 12:10, 10:4) hasabynda uly ýeňiş gazanyp, «B» toparçasynda ikinji orny eýelediler. Wýetnamyň wekilleri bolsa Tailandyň, Gonkongyň we Filippinleriň toparlaryny yzygiderli 2:0 hasabynda ýeňip, «A» toparçasynda birinji boldular.
Ýarym final duşuşygy biziň toparymyz üçin aňsat bolmady. Duşuşygyň dowamynda tälimçiler Gülendam Narbaýewanyň we Marina Diwanowanyň şägirtleri garşydaşlary bilen mynasyp bäsleşdiler. Birinji döwürde olar dört gezek hasaby deňlemegi başardylar (2:2, 8:8, 10:10, 12:12), emma şonda-da 18:22 hasabynda utuldylar. Ikinji döwrüň başynda türkmen gandbolçylary deň derejede oýun görkezdiler, emma soňra wýetnamly türgenler hasaby artdyryp, bu tapgyry 30:17 hasabynda öz peýdalaryna tamamladylar.
Beýleki ýarym finalda Hytaýyň ýygyndysy Tailandyň toparyny 2:1 (16:14, 20:22, 20:18) hasabynda ýeňdi.
Şeýlelikde, bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Türkmenistanyň gandbolçylary Tailandyň wekilleri bilen duşuşarlar. Tailandyň topary toparlaýyn tapgyrda Wýetnamyň toparyndan utulyp (0:2), Filippinleriň (2:1) we Gonkongyň toparlaryny (2:1) ýeňmegi başarypdylar. Altyn we kümüş medallar ugrunda bolsa finalda Wýetnamyň hem-de Hytaýyň ýygyndy toparlary bäsleşerler.
Aziýa kenarýaka oýunlary 2008-nji ýyldan bäri Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda geçirilýär. Häzirki altynjy kenarýaka oýunlaryna Aziýanyň 45 ýurdundan türgenler gatnaşyp, olar sportuň 14 görnüşi boýunça medallaryň 62 toplumy ugrunda bäsleşýärler. Türkmenistana bu oýunlarda on sany türgen diňe bir ugurda – zenanlar gandboly boýunça wekilçilik edýärler.