Ï Ýasmin Guedar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýasmin Guedar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy

view-icon 363
Ýasmin Guedar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezinde ýokary okuw mekdebiniň bilermenleriniň we ylmy işgärleriniň fransiýaly diplomat, ilçi, Hormatly legiony ordeniniň kawaleri, Parižde ýerleşýän Ýewropa maglumat-seljeriş kollejiniň sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşygy boldy.

Görnükli fransiýaly syýasatçy we diplomat Aşgabada tanyşlyk sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna, «Gadymy Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp görmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginde duşuşyklar we söhbetdeşlikler geçiriler.

Tejribeli ýewropaly diplomatyň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilermenleri we alymlary bilen duşuşygy açyk, mazmunly we işewür ýagdaýda geçdi. Bu bolsa tötänleýin däl, çünki hanym Guedar dünýäniň nusgawy edebiýatynyň kämil bilermeni, hukuk we syýasatşynaslyk ulgamy boýunça hünärmendir. Ol köp ýyllaryň dowamynda Wýetnamda, Hindistanda, Hytaýda we Täjigistanda diplomatik gullukda işledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda gozgalan mowzuklar, esasan, Merkezi Aziýa sebitiniň meselelerine degişli boldy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitiniň täze birleşdiriji meýdançalaryna, aýratyn-da, energetika serişdeleri bilen baglanyşykly ulag-logistika we serhetüsti ykdysady taslamalaryna Ýewropanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy seljerijileriniň we bilermenleriniň uly gyzyklanma bildirýändikleri hem-de olaryň üns merkezinde durýandygy düşnüklidir.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýokary okuw mekdebiniň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory, ilçi Ş.Şiriýew Ý.Guedaryň soraglaryna jogap berdi we Merkeziň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Söhbetdeşlige Merkeziň öňdebaryjy hünärmenleri B.Amansaryýew, A.Nyýazow we O.Annabaýew hem gatnaşdylar.