Ï Daşoguz welaýatynda täze elektrik bekedi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda täze elektrik bekedi gurulýar

view-icon 103
Daşoguz welaýatynda täze elektrik bekedi gurulýar

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde täze gurluşygyň käbir desgalarynyň, şol sanda kuwwat enjamlaryny hem-de dolandyryş ulgamyny ýerleşdirmek üçin niýetlenen ýörite binanyň düýbi tutulýar. Bu ulgamlar elektrik energiýasyny kabul etmek, paýlamak we bekediň işine gözegçilik etmek üçin hyzmat edýär.

Täze beket «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň buýrugy boýunça gurulýar. Ony taslamada etrabyň energetika infrastrukturasynyň geljekki ösüş mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy. Täze desga Daşoguzda ýerleşýän döwlet elektrik stansiýasyndan gelýän elektrik energiýasyny kabul etmek we özgertmek, şeýle hem onuň bir bölegini Köneürgenç etrabynyň senagat hem-de etrabyň jemagat hojalyk sarp edijilerine, dürli hojalyk desgalaryna ýetirmek üçin niýetlenendir. Ulanylmaga berlenden soň, ol könelişen «Nowça» elektrik desgasynyň ornuny tutar.

Welaýatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga hem-de energiýa ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatyň ähli energetika infrastrukturasy ýurdumyzyň bitewi energiýa halkasyna birleşdirildi. Bu bolsa sarp edijilere elektrik energiýasynyň bökdençsiz ýetirilmegine we ýerli energetika ulgamynyň ygtybarly işlemegine ýardam berýär.