Ï Türkmenistanyň Esasy Kanunynda parahatçylyk medeniýeti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Esasy Kanunynda parahatçylyk medeniýeti

view-icon 354
Türkmenistanyň Esasy Kanunynda parahatçylyk medeniýeti

Dünýä adamzadyň iň ýokary gymmatlyklaryny özünde jemleýän giň düşünjedir. Häzirki zaman düşünjesinde dünýä dürli yklymlarda ýaşaýan, dürli milletlere degişli, köp sanly dillerde we şiwelerde gepleýän milliardlarça adam üçin umumy ýaşaýyş giňişligidir. Olary bolsa umumy medeniýet – ynsanperwerlik medeniýeti birleşdirýär. Adamzat taryhynyň dowamynda beýik siwilizasiýalar kemala geldi, kuwwatly döwletler döredildi, özboluşly halklar ösüş ýoluny dowam etdi. Olaryň ählisini birleşdiren esasy pikir bolsa durnukly ösüşiň binýady hökmünde parahatçylygy üpjün etmekden ybarat boldy.

Türkmen halkynyň dünýägaraýşynda ynsanperwerlik ýörelgeleri başlangyçdan bäri möhüm orun eýeläp gelip, olar parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly beýik maksatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu gymmatlyklar ýurdumyzyň Esasy Kanunynda hem öz beýanyny tapdy. Türkmenistan ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine daýanýan yzygiderli we sazlaşykly ösüş strategiýasyny saýlap aldy. Parfiýa şalygy döwründen, seljuk soltanlarynyň häkimiýet süren eýýamyndan başlap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli ähli taryhy tapgyrlarda halklar we döwletler bilen parahatçylykly ýaşaşmak arzuwlary üýtgewsiz ýol-ýörelge bolup geldi. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ýörelgeleri yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de olary milli dünýägaraýşyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edýär.

Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde şeýle belleýär: «Siwilizasiýa – Zeminde bolup geçýän

beýik ösüşler adamzady pähimli bolmaga çagyrýar. Sebäbi uruşlar, dawa-jenjeller zerarly, diňe ýitgi çekilýär». Bu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Düzgünnamasyndaky «uruş baradaky pikirler adamlaryň aňynda döreýär, diýmek, parahatçylygy goramak pikiri hem hut adamlaryň aňynda berkarar edilmelidir» diýen ýörelgeler bilen sazlaşýar. BMG-niň Parahatçylyk medeniýeti baradaky Jarnamasynyň 8-nji maddasynda ene-atalaryň, mugallymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň parahatçylykly ýaşaşmagyň beýik maksatlaryny wagyz etmekdäki möhüm orny aýratyn nygtalýar. Bu bolsa ýaş nesilde ynsanperwer gymmatlyklary terbiýelemegiň ilkinji derejeli ähmiýete eýedigini görkezýär.

Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy we Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşyjysy hökmünde Parahatçylyk medeniýeti baradaky Jarnamanyň düzgünlerini yzygiderli goldaýandygyny bellemek gerek. Bu resminama adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän milli taglymatymyz bilen sazlaşykly utgaşýar. Parahatçylyk medeniýetiniň ýörelgelerini durmuşa geçirmek şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 4-nji maddasynda öz beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen filosofiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

«Adam» (human) düşünjesi iňlis diliniň Kembrij sözlügine laýyklykda aň-paýhasa, duýgulary we ony haýwanlardan, maşynlardan hem-de beýleki ýaşaýyş görnüşlerinden tapawutlandyrýan aýratyn häsiýetlere eýe bolan janly organizm hökmünde kesgitlenýär. Latyn dilindäki humanus («adamkärçilikli») sözünden gelip çykan «gumanizm» («ynsanperwerlik») adalgasy bolsa adam durmuşynyň we mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýän garaýyşlar ulgamyny aňladýar.

Şeýlelikde, ynsanperwerlik jemgyýetçilik ösüşiniň esasy maksady hökmünde adamy goramagyň we onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar. BMG-niň Parahatçylyk medeniýeti baradaky Jarnamasynda parahatçylygyň diňe bir gapma-garşylyklaryň ýoklugy däl-de, eýsem giň gatnaşyga esaslanýan, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ruhunda gepleşikleriň höweslendirilýän hem-de jedelleriň çözülýän oňyn, dinamiki prosesdigi nygtalýar.

Ynsanperwerlik halkara hyzmatdaşlygynyň binýady hökmünde seljerilende, Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän dünýäniň iň iri ynsanperwer ulgamlarynyň biri bolan Halkara Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý hereketiniň işini aýratyn bellemek gerek. Bu hereketleriň esasy ýörelgeleri – ynsanperwerlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk we agzybirlik – Türkmenistanyň daşary syýasat ugry bilen köp babatda sazlaşýar. Döwletimiz şol ýörelgelere eýerip, halkara we sebit meselelerini gepleşikler hem-de özara hormat goýmak arkaly parahatçylykly çözmäge ygrarlydygyny görkezýär. Bu syýasatyň halkara derejesinde ykrar edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkidýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen tassyklanylýar.

Agzalan Kararnamalaryň düzgünleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Hususan-da, 2-nji maddada Türkmenistanyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanunçylyk esaslarynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýedigi görkezilýär. Şeýle hem bu derejäniň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň binýady bolup çykyş edýändigi bellenilýär. Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda daşary syýasatyň esasy ýörelgeleri anyklaşdyrylýar: bitaraplyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, güýç ulanmakdan ýüz öwürmek, harby bileleşiklere gatnaşmazlyk, şeýle-de parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermek. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygyny ykrar edýär hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine yzygiderli eýerýär.

Parahatçylygyň we diplomatiýanyň Watany bolan Türkmenistan taryhyň dowamynda medeniýetara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde çykyş edip geldi. Bu aýratyn-da Beýik Ýüpek ýolunyň döwründe aýdyň ýüze çykdy. Şol döwürde ýurdumyzyň çäginden möhüm söwda we medeni ýollar geçip, halklaryň arasynda pikirleriň, bilimleriň we däp-dessurlaryň alyş-çalşygyna ýardam berdi. Köp medeniýetliligi bilen tapawutlanýan häzirki zaman dünýäsinde özara hormat goýmak we dialoga açyk bolmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hut adamlar medeni kodlaryň mirasdüşerleri hökmünde däp-dessurlaryň dowamlylygyny üpjün edýärler hem-de parahatçylygyň hatyrasyna ösüş diýen umumy maksada birleşen hyzmatdaşlyk giňişligini emele getirýärler.