Ï Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri

view-icon 97

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi. Himiýa senagaty pudagyny ösdürmek boýunça soňky döwürde amala aşyrylan ylmy barlaglary ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli meýdança bolan maslahata ýurdumyzyň alymlary we professor-mugallymlary bilen birlikde, sanly ulgam arkaly Gazagystandan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Özbegistandan hem wekiller gatnaşdylar. Onda himiýa senagatyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna, täze ylmy açyşlara, innowasion usullara garaldy.

Halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat kärhanalarynda innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen birlikde, senagat pudagynyň düzümlerinde gaýtadan işleýän innowasion toplumlary döretmek, ýerli çig mal esasynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýurdumyz täze önümçilikleri döretmek üçin zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine, baý gorlaryna eýedir. Şunda, hususan-da, himiýa, gazhimiýa, gurluşyk senagatynyň hem-de beýleki pudaklaryň çig mal binýadyny emele getirýän ägirt uly uglewodorod ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen döwürde pudaga gönükdirilen ägirt uly maýa goýumlar esasynda iri gazhimiýa toplumlary döredildi. Ozaldan hereket edýän kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugry mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmekdir. Bu bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki zaman senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan azot, fosfor, kaliý dökünleriniň önümçiligini ep-esli artdyryp, ýerli oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Bu giň gerimli çemeleşme diňe bir oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport edilişini yzygiderli giňeltmäge-de mümkinçilik berýär. Geçen ýylda Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürmäge, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň gurluşygyna badalga berildi. Munuň özi innowasiýalar we strategik meýilnamalaşdyryş arkaly milli himiýa senagatynyň döwrüň talabyna laýyklykda üstünlikli ösdürilýändigini görkezýär. Himiýa senagatyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän iri önümçilik taslamalary ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini durnukly ykdysady we tehnologik ösüş üçin binýada öwrüp, senagat taýdan kuwwatly ýurt hökmünde Watanymyzyň ornuny yzygiderli pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, himiýa pudagynda ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyn özara baglanyşygy üpjün edilýär. Şunda daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Maslahatda edilen çykyşlarda pudagyň desgalaryna daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak bilen bagly ylmy baraglar barada durlup geçildi. Kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilmegi, ýurdumyzyň öz çig mal serişdeleriniň, tebigy baýlyklarynyň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberiniň we görnüşleriniň köpeldilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanyny barha artdyrýar. «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertler döredilip, okgunly ösýän türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin oňyn şertler döredilýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz çykyşlarynda önümçiligiň netijeliligini artdyrmakda ulanýan usullary, häzirki zaman tehnologiýalary barada gürrüň berdiler. Geljekde himiýa senagatyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalara esaslanmak, önümleriň görnüşlerini artdyrmak hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, himiýa senagatynda ylmy barlaglary, bu ugurda işleýän hünärmenleriň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň hataryndadyr.

Halkara ylmy maslahat “Himiýa we himiýa tehnologiýalary boýunça ýetilen sepgitler”, “Gidromineral çig mallary toplumlaýyn işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary”, “Gidrohimiýa we ekologiýa” atly bölümçelerde öz işini dowam etdi. Olarda himiýa senagatynyň dürli ugurlarynda alymlaryň we hünärmenleriň alyp barýan ylmy gözlegleri barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Himiýa senagatynyň ösüşi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklardaky ornuny pugta-landyrmaga gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan alnyp barylýan syýasat bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň dowamly bolmagy üçin berk binýady döredýär.