Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi.
Esasy teklipleriň biri hökmünde yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.
«Türkmenistan yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär. Diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ICESCO bilen hyzmatdaşlygy halkara ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýandygyny hem nygtady.