Ï PETRONAS uniwersitetiniň professory türkmen nebitgaz ýokary okuw mekdebinde okuw sapagyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

PETRONAS uniwersitetiniň professory türkmen nebitgaz ýokary okuw mekdebinde okuw sapagyny geçirdi

view-icon 96
PETRONAS uniwersitetiniň professory türkmen nebitgaz ýokary okuw mekdebinde okuw sapagyny geçirdi

11 – 14-nji maý aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin PETRONAS tehnologiýa uniwersitetiniň professory onlaýn okuw sapagyny geçirdi.

«Gara altyn» atly tema boýunça sapagyň dowamynda gatnaşyjylar nebit we gaz çykarylyşynda ulanylýan häzirki zaman innowasion tehnologiýalary hem-de iň täze usullar barada peýdaly maglumatlary öwrenip, gymmatly bilimleri ele aldylar.

Okuw sapagyna gatnaşyjylara PETRONAS tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan ýörite şahadatnamalar gowşurylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Malaýziýanyň «PETRONAS Charigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy hem-de kompaniýanyň Tehnologiýa uniwersiteti birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym we bilim ulgamynda üstünlikli hem-de netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

PETRONAS uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary Ý.Kakaýew adyndaky HNweGU-nyň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça onlaýn okuwlary hem-de sapaklary yzygiderli geçirýärler. Her ýyl tomus döwründe türkmen uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň binýadynda okuw-önümçilik tejribesini geçýärler.

Bu çäreler taraplaryň ylmy-barlag we bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de giňeltmek maksady bilen gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda geçirilýär.

Ähtnamanyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda PETRONAS tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň ýolbaşçylygynda giň gerimli temalar boýunça sanly ulgam arkaly şeýle hem uniwersitete gelip okuw sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Sapaklar nebitgaz pudagyna, emeli aňyň ornaşdyrylmagyna, himiýa we gaýtadan işlemek, şeýle hem bu ugurlarda ulanylýan häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna hem-de olary ornaşdyrmagyň usullaryna bagyşlanar.