Şu gün paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy. Iki goňşy halkyň dost-doganlygynyň medeni çäreler arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşanyna öwrülen dabara «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde ýaýbaňlandyryldy.

«Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzdan gatnaşan ahalteke atlar üstünlikli çykyş edip, «Aziýanyň çempiony» we «Dünýäniň çempiony» diýen hormatly atlara we beýleki baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda ýeňiji, şeýle hem şol atçylyk toplumyna degişli Aýgytly diýen bedew ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi bolup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýraklaryna – ýeňil awtoulaglaryň açarlaryna, kuboklara hem-de sertifikatlara mynasyp boldular.

Dabarada gutlag sözi bilen çykyş eden iki ýurduň wekilleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bagyşlanyp, Daşkent şäherinde halkara ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilmegi we türkmen atşynaslarynyň gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Bu ýerde geçirilen «Türkmen-özbek dostlugy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Bedew» atly aýdymyň joşgunly ýerine ýetirilmegi dabara turuwbaşdan aýratyn öwüşgin çaýdy.
Paýtagtymyzdaky şu dabaralar bilen birlikde şol bir wagtda bu gün Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde-de baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Dost-doganlyk ýurduň paýtagtyndaky «Aşgabat» seýilgähi iki ýurduň milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan şekillere beslendi. Seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baýdaklary, milli göller hem-de ahalteke bedewleriniň suratlarydyr keşpleri bilen bezeldi.
Dabaranyň resmi bölegi hökmünde bu ýerde ilki bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ahalteke bedewleriniň arasynda «Gündogaryň merjeni – 2026»diýen at bilen geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy.

Bu ýerde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. «Aşgabat» seýilgähi iki ýurduň arasyndaky medeniýet ulgamyndaky, döredijilik dünýäsindäki gatnaşyklaryň türkmen we özbek halklaryny barha ýakynlaşdyrýandygyny we ýürekleri birleşdirýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi.