Ï Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär

view-icon 179
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öňde duran Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen dabaralar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde paýtagtymyzda halylaryň we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçiriler. Jemgyýetiň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur daşary ýurtly halyşynaslar, alymlar, hünärmenler we ugurdaş kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar. Dabaralaryň maksatnamasyny «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» diýen mowzuklaýyn maslahatlar baýlaşdyrar.

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçy gelin-gyzlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi baýramçylygyň esasy wakalarynyň birine öwrüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli halyçylyk sungatynyň çuňňur manysyny aýratyn belläp, meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.