Ï Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 306
Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini bellediler. Hususan-da, döwletara dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.