Ï Aşgabat – innowasiýalaryň we durnukly ösüşiň şäheri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat – innowasiýalaryň we durnukly ösüşiň şäheri

view-icon 282
Aşgabat – innowasiýalaryň we durnukly ösüşiň şäheri

Türkmenistanyň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV köpugurly halkara sergisi we maslahaty geçirildi. «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» diýen şygar bilen geçirilen giň gerimli forumyň guramaçylary Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Turkmen Energy Forum» kompaniýasy boldy.

Maslahatyň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparowyň çykyşy boldy. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň energetika toplumynyň häzirki ýagdaýy, ony döwrebaplaşdyrmagyň strategik ugurlary hem-de dünýäniň sanly ykdysadyýetine goşulyşmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Ministriň bellemegine görä, häzirki zaman Aşgabat şäheri ösüşiň aýdyň nyşany bolup, ýaşaýjylaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekde we şäheriň depginli ösüşinde ygtybarly energetika infrastrukturasynyň ähmiýeti aýratyn uludyr.

«Häzirki wagtda ministrligiň garamagynda umumy kuwwaty 6 müň 500 megawatdan gowrak bolan 11 sany elektrik bekedi bar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmän, eýsem, elektrik energiýasynyň eksportyny hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär» diýip, A.Saparow aýtdy.

Durnukly ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, pudaklaýyn ministrlik energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Hususan-da, ýurdumyza täzelenýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiligi işjeň öwrenilýär.

«Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) goldawy bilen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýel energiýasy mümkinçiligini öwrenmek boýunça toplumlaýyn barlaglar geçirilýär. Alnan maglumatlar geljekde ýel elektrik beketlerini gurmak üçin iň netijeli ýerleri kesgitlemäge mümkinçilik berýän ylmy esas bolar. Bu bolsa şäherimiziň we ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna uly goşant goşar» diýip, ministr aýtdy.

Türkmenistanyň dünýä tehnologik ugurlaryna goşulyşmagynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi möhüm ädim boldy. Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap «Wirtual aktiwler hakynda» Kanun güýje girdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda kriptowalýuta maýningi we kriptobiržalaryň işi kanunlaşdyryldy.

«Bu ugry ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrligi degişli halkara kompaniýalary bilen deslapky gepleşikleri we duşuşyklary geçirýär. Gürrüň ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin döwrebap maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezlerini döretmek barada barýar. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän artykmaç elektrik energiýasyny netijeli peýdalanmaga hem-de milli energetika ulgamyny sanly ykdysadyýete birleşdirmäge mümkinçilik berer» diýip, A.Saparow belledi.

Energetika ministri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtap, Aşgabat şäheriniň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Şeýle hem ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa energetika pudagyna berýän giň gerimli goldawlary we döwletiň gülläp ösmegi ugrunda edýän aladalary üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.