Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy innowasiýalaryň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Çäre onlaýn görnüşde geçirilip, oňa Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Pakistandan, Günorta Koreýadan, Gruziýadan, Çernogoriýadan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we ABŞ-dan professor-mugallymlar, aspirantlar, doktorantlar, magistrantlar, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem ylmy institutlaryň we kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde gatnaşyjylar türkmen ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we taslama işi boýunça gazanan üstünlikleriniň sergisi bilen tanyşdyryldy. Işleriň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan türkmen binagärlik we gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň taslamasy hem görkezildi. Häzirki wagtda desganyň gurluşygynyň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygy, onuň açylyşynyň bolsa şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegine garaşylýandygy bellenildi.
Türkmen halkynyň baý taryhy we milli medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen, sergä gelen myhmanlara amaly-haşam sungatynyň eserleri hem giňden görkezildi.
Forumyň meýdançasynda gatnaşyjylaryň 210-dan gowrak ylmy çykyşlary diňlenildi.
Maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda çykyş eden daşary ýurtly alymlar öz halklarynyň binagärlik sungatynyň taryhy däpleri we özboluşly aýratynlyklary, dünýä tejribesinde giňden ulanylýan häzirki zaman gurluşyk innowasiýalary hem-de täze tehnologik işläp taýýarlamalar barada gyzykly maglumatlary paýlaşdylar.
Amatly şäher gurşawyny döretmek, dizaýn çözgütlerini kemala getirmek, binagärlik we gurluşyk biliminiň netijeliligini ýokarlandyrmak we isleg bildirilýän hünärmenleri taýýarlamak baradaky ylmy pikirler forumyň gatnaşyjylarynda uly gyzyklanma döretdi.
Soňra maslahatyň işi dört bölümçede dowam etdirildi:
• Binagärlik we gurluşyk innowasiýalary, häzirki zaman materiallary we öňdebaryjy tehnologiýalar;
• Binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek;
• Binagärlikde we gurluşykda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gurluşyk ykdysadyýeti;
• Gurluşykdaky ekologiýa, durmuş howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri.
Maslahatyň geçirilmegi degişli ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlaryň we önümçilik kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, gymmatly ylmy maglumatlaryň we tejribäniň özara alyşylmagyna uly ýardam berdi.
Şeýle hem forum gatnaşyjylara bilim, ylym we önümçiligi utgaşdyrmak boýunça meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga, netijeli çemeleşmeleri hödürlemäge, ýaş zehinleri goldamak, ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmek hem-de ýokary hünärli we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.