Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory Gilbert Hungbo bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, HZG-nyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de zähmet we durmuş goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşykda iki tarap hem işjeň dialogy dowam etdirmäge hem-de bilelikdäki başlangyçlary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.