Ï «Altyn asyr» bilen «Ahal» toparlary deňme-deň oýnadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» bilen «Ahal» toparlary deňme-deň oýnadylar

view-icon 158
«Altyn asyr» bilen «Ahal» toparlary deňme-deň oýnadylar
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy janköýerlere hakyky futbol baýramçylygyny peşgeş berdi. Aşgabat şäheriniň topary bolan «Altyn asyr» topary bilen «Ahal» toparynyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçiren duşuşygy 3:3 hasabynda netijeli deňlik bilen tamamlandy.

Bu duşuşyk möwsümiň iň gyzykly oýunlarynyň biri diýen derejesini doly ödäp, başyndan soňky minutlaryna çenli dartgynlylygy saklady.

Oýun şeýle möhüm duşuşyklara mahsus bolan depginde başlandy. Toparlar ilkinji sekuntlardan ýokary depginde hereket edip, birinji ýarymda janköýerleri özüne çekýän ajaýyp bäsleşigi görkezdiler.

Duşuşygyň 3-nji minudynda «Altyn asyr» toparynyň futbolçysy Myrat Annaýew hasaby açdy. Emma myhmanlar geçirilen goldan ruhdan düşmän, tiz wagtda jogap berdiler. 15-nji minutda Magtymberdi Berenow hasaby deňledi, 22-nji minutda bolsa özüniň ikinji goluny geçirip, «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda öňe çykardy.

Ýöne «Ahal» toparynyň üstünligi uzak dowam etmedi. 25-nji minutda täsirli oýun görkezen Myrat Annaýew duşuşykdaky ikinji goluny geçirip, hasaby ýene deňledi – 2:2. Birinji ýarymyň ahyrlarynda, 37-nji minutda Begençmyrat Myradow «Altyn asyr» toparyny ýene-de öňe çykardy – 3:2.

Ikinji ýarymda toparlar goragda has tertipli çykyş etdiler. Şeýle-de bolsa, «Ahal» topary öz mümkinçiliklerinden birini peýdalanyp bildi. 71-nji minutda Ruslan Priýew takyk urgusy bilen duşuşygyň jemleýji hasabyny goýdy.

3:3 hasabyndaky deňlik güýçleri deň bolan iki mynasyp garşydaşyň bäsleşigi adalatly netijesi boldy. «Altyn asyr» topary birinji ýarymda hüjümleri üstünlikli jemleýändigini görkezse, «Ahal» topary kyn oýunda yza düşendigine garamazdan gujurlylygy görkezdi we hasaby deňläp bildi.

Bu duşuşyk dartgynlylygy hem-de hüjüm futbolynyň ýokary derejesi bilen şu möwsümiň iň gowy oýunlarynyň biri hökmünde ýatda galar. Şeýle hem ol janköýerlere hakyky baýramçylygy peşgeş berip, iki toparyň tälimçiler topary üçin möhüm netije çykarmaga mümkinçilik berdi.

Iň ýakyn bäsdeşleriniň deňme-deň oýnamagy çempionatyň öňdebaryjysy «Arkadag» toparynyň peýdasyna boldy. Häzirki wagtda «Arkadag» toparynyň hasabynda 33 utuk bar we ol ikinji orundaky «Ahal» toparyndan 12 utuk öňde barýar. Üçünji orny bolsa 20 utuk bilen «Altyn asyr» topary eýeleýär.

Hüjümçileriň sanawynda soňky dört milli çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolan «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew öňdeligini saklaýar. Onuň hasabynda 9 gol bar, şolaryň 2-si 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi. Ondan soňra: Süleýman Mirzoýew («Ahal») – 6 gol (2-si jerime urgy); Resul Hojaýew («Arkadag») – 5 gol (1-si jerime urgy); Serdar Gulyýew («Şagadam») – 5 gol (2-si jerime urgy).

Çempionatyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 7-nji iýunda geçiriler. Şol gün: «Merw» – «Altyn asyr», «Arkadag» – «Nebitçi», «Köpetdag» – «Aşgabat», «Ahal» – «Şagadam» toparlarynyň duşuşyklary bolar.