Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde azerbaýjan ussatlarynyň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi geçirildi. Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýän bu halkara çäre Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleriniň, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan türkmen suratkeşleriniň, sungaty öwrenijileriň, muzeý işgärleriniň hem-de halk döredijiliginiň muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.


Azerbaýjanyň Milli sungat muzeýiniň we Milli haly muzeýiniň wekilleri tarapyndan guralan gezelençde myhmanlar görkezilen gymmatlyklar barada köp gyzykly maglumatlary öwrendiler. Sergidäki gymmatlyklaryň taryhy XV asyrdan häzirki güne çenli uzalýar. Bu ýerde gadymy azerbaýjan egin-eşikleri, nepis nagyşlar bilen bezelen keşdeler, namazlyklar, gap-gaçlar görkezildi. Her bir gymmatlyk özboluşly sungat eseridir. Aýratynam, zenanlaryň hammama baranlarynda şaý-seplerini goýýan sandygyna hem-de geçmişde täret almak üçin ulanylan nepis görnüşli küýzä uly üns berildi.


Türkmen halkynyň arasynda halyçylygyň ussatlary we muşdaklary köp bolandygy sebäpli, azerbaýjanly myhmanlar muzeý halylarynyň baý toplumy bilen tanyşdylar. Geljek ýyl Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň döredilmegine 70 ýyl dolýar. Azerbaýjan halkynyň medeniýetinde haly aýratyn hormata eýedir, ol adamyň dünýä inen gününden başlap, ömrüniň soňuna çenli ýoldaş bolýar. Gök we gyzyl reňkleriň agdyklyk edýän gadymy halylary hem-de özboluşly nagyşlary azerbaýjan halkynyň ruhuny aýdyň beýan edýär.


Gadymy halylaryň ähli ajaýyplygyna garamazdan, serginiň bezegine öwrülen eser häzirki zaman «Leýli we Mejnun» halysy boldy. Onuň merkezinde azerbaýjan dilindäki meşhur poemanyň awtory Muhammet Fizulynyň portreti ýerleşdirilip, töwereginde Gündogaryň iň hasratly söýgi kyssasynyň gahrymanlary şekillendirilipdir. Sergä gelenler bu eksponatyň öňünde uzak wagtlap saklanyp, keşpleri üns bilen synladylar. Bu halynyň eskiziniň awtory suratkeş Eldar Mikailzadedir.


Zergärçilik sungaty kümüş we altyn simlerden örülen nepis eserler bilen görkezildi. Olaryň arasynda halk saz gurallary, şaý-sepler üçin gutular, sagatlar we beýleki owadan önümler bar.
Sergi Azerbaýjanyň gadymy we häzirki zaman binagärlik ýadygärliklerini görkezýän suratlar bilen hem baýlaşdyryldy.


Milli azerbaýjan egin-eşik merkeziniň ýolbaşçysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory we dizaýner Gülnara Halilowa döwrebap egin-eşikleriň toplumyny hödürledi. «Miras» modalar öýüniň gatnaşmagynda geçirilen görkezilişde adaty milli ýüpek ýaglygyň kömegi bilen häzirki zaman zenan modasyny nähili özgerdip bolýandygy görkezildi.
Sergi çaý başynda dowam etdi. Myhmanlara azerbaýjan milli süýjülikleri – pahlawa, şekerbura we beýleki tagamlar hödür edildi.