Ï Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

view-icon 157

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň, Aşgabada sapar bilen Ýadro synaglarynyň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi baradaky Şertnamanyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we medeni-ynsanperwer alyş-çalşyň ösdürilmegine üns berildi.

Söhbetdeşler iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seretdiler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň möhüm ornuny bellediler.

Sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar sebitiň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga ýardam berýän başlangyçlara özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtadylar.