Ï Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandylar

view-icon 364
Türkmen küştçüleri Astanada geçirilen türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandylar
camera-icon
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkmen küştçüleri Astanadaky Gazak milli sport uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara ýaryşlarda dört şahsy medal gazandylar. Gazagystanyň paýtagtynda iki möhüm sport çäresi geçirildi: erkekleriň we zenanlaryň arasynda ilkinji türki döwletleriň toparlaýyn küşt çempionaty (Turkic Teams Chess Championships 2026) hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda türki döwletleriň ýaşlar küşt Olimpiadasy (Turkic Youth U16 Chess Olympiad 2026) geçirildi.

Umumy baýrak gaznasy 27 million teňňe (54 müň ABŞ dollary) bolan, sebitiň iň güýçli grossmeýsterlerini we ussatlaryny bir ýere jemlän bu iri intellektual ýaryş Halkara küşt federasiýasy (FIDE) tarapyndan Gazagystanyň degişli edaralary bilen bilelikde guraldy.

Aýlaw ulgamy boýunça geçirilen bäsleşige ýedi milli ýygyndy topar gatnaşdy: Azerbaýjan, Gazagystan (kabul edýän ýurt hökmünde her ýaryşda iki topar bilen), Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan.

Her topar 4 esasy oýunçydan, 1 ätiýaçdaky oýunçydan we kapitandan ybarat boldy. Wagtyň gözegçiligi täze nusgawy görnüşinde – 45+30 (partiýa üçin 45 minut we her göçüm üçin goşmaça 30 sekunt) hökmünde kesgitlenildi.

13 grossmeýsteriň we 18 halkara ussadynyň gatnaşan erkekler ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňdebaryjysy, grossmeýster Saparmyrat Atabaýew birinji tagtada ýokary derejeli oýun görkezip, bürünç medala mynasyp boldy. Güýçli bäsdeşlik şertlerinde türkmen topary Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň küşt mekdepleri bilen bäsleşip, ýaryşy ýedinji orunda tamamlady. Birinji we ikinji orunlary Gazagystanyň toparlary (9 we 8 utuk), üçünji orny bolsa Azerbaýjanyň ýygyndysy (7 utuk) eýeledi.

Türkmenistanyň zenan küştçüleri hem uly üstünlik gazandylar. Zenanlar ýaryşynda üçünji tagtada çykyş eden Jahan Rejepowa kümüş medal gazandy, birinji tagtada çykyş eden Lala Şöhradowa bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmenistanyň medal gaznasyna ýene bir bürünç medaly türki döwletleriň ýaşlar Olimpiadasynda (U16) dördünji tagtada üstünlikli çykyş eden ýaş küştçi Dilber Hupbyýewa getirdi.

Toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 6 utuk toplap, Gyrgyzystanyň (2 utuk) we Türkiýäniň (1 utuk) toparlaryny yzda galdyryp, iň güýçli bäş toparyň hataryna girdi. Birinji orny Azerbaýjanyň topary (10 utuk), ikinji orny Gazagystan-1 topary (9 utuk), üçünji orny bolsa Özbegistanyň topary eýeledi.

16 ýaşa çenli ýaşlaryň ýaryşynda öňdebaryjy üçlüge Azerbaýjanyň ýygyndysy (10 utuk) hem-de degişlilikde 9 we 7 utuk toplan Gazagystanyň iki topary girdi.

Türkmenistanyň küştçüleriniň toparlaýyn çempionatda we ýaşlar Olimpiadasynda gazanan şahsy baýraklary milli küşt mekdebiniň ýokary mümkinçiliklere eýedigini hem-de onuň däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu üstünlikler ýaşlar sportuny goldamaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijelidigini hem görkezýär.