Ï Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

view-icon 366
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary 2027-nji ýylyň futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) garşydaşlary boldy. Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişligiň netijeleri şeýle boldy.

Ýaryşyň saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 25-nji awgustdan 6-njy sentýabry aralygynda duşuşyklary merkezleşdirilen ulgam boýunça geçirmek arkaly guralar.

20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky häzirki 43-nji Aziýa Kubogy ýaşlar arasyndaky ýaryşlary özgertmegiň çäklerinde Aziýa futbol konfederasiýasy tarapyndan tassyklanan täze görnüşde geçirilýän ilkinji bäsleşik bolar. Täze ulgam toparlaryň derejesini ýokarlandyrmak we peseltmek mehanizmi bolan iki tapgyrly formaty göz öňünde tutýar.

Saýlama tapgyra jemi 32 topar gatnaşar, olar her toparda dörtden bolan sekiz toparça bölündi.

Türkmenistan öz garşydaşlary bilen «F» toparçany emele getirdi, bu toparçanyň duşuşyklary bir aýlawda Tailandda geçiriler.

Beýleki toparçalaryň düzümi:

«A»: Koreýa Respublikasy (Aziýanyň 12 gezekki çempiony), Gyrgyzystan (ýaryşy kabul ediji), Filippinler, Liwan.

«B»: Özbegistan (ýaryşy kabul ediji), Siriýa, Hindistan, Bangladeş.

«C»: Eýran, Wýetnam (ýaryşy kabul ediji), Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Palestina.

«D»: Iordaniýa, Täjigistan, Bahreýn (ýaryşy kabul ediji), Owganystan.

«E»: Saud Arabystany, Katar (ýaryşy kabul ediji), Oman, Gonkong.

«G»: Ýaponiýa, Ýemen, Kamboja (ýaryşy kabul ediji), Kuweýt.

«H»: Awstraliýa (Aziýanyň häzirki çempiony), Indoneziýa, Malaýziýa, Laos (ýaryşy kabul ediji).

Toparçalarda birinji orny eýelänler, şeýle hem iň gowy netije görkezen we ikinji orny eýelän ýedi topar ýaryşyň final tapgyryna çykarlar.

Iň soňky orunlary eýelän ýygyndy toparlar indiki ýaryşyň Ösüş diwizionyna geçiriler.

Täze formatyň çäklerinde Ösüş diwizionynda aşakdaky üç toparça bölünen 12 ýygyndy topar çykyş eder:

«I»: Mongoliýa (ýaryşy kabul ediji), Guam, Nepal, Demirgazyk Mariana adalary.

«J»: Hytaý Taýbeýi, Singapur, Butan (ýaryşy kabul ediji), Makao.

«K»: Mýanma (ýaryşy kabul ediji), Maldiw adalary, Bruney, Şri-Lanka.

Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän toparlar indiki ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk alarlar.

20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 24-nji martyndan 10-njy apreli aralygynda Hytaýda geçiriler.

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparyny 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna öňki meşhur futbolçy, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlar çempionatynda çykyş edýän «Arkadag-2» toparyna hem ýolbaşçylyk edýän 45 ýaşly Didar Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi taýýarlar. Ýaşlar ýygyndysynda oňa Daýanç Garajaýew hem-de derwezeçileriň tälimçisi Saparmyrat Öwezow kömek ederler. Bu hünärmenleriň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary geçen aýda Täjigistanda geçirilen Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda bäş toparyň arasynda dördünji orny eýeledi.