Ï Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 270

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen halkara düzümleriň çäklerinde hereketleriň utgaşdyrylmagyny mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.