Ýaňy ýakynda şahyr Çemen Annaberdiýewanyň «Şahyryň gyzy» atly goşgular ýygyndysy çapdan çykdy. Şahyr özüniň birinji eserini şeýle atlandyrdy, sebäbi ol hakykatdan hem meşhur şahyr Atajan Annaberdiýewiň gyzy.
Aşgabatdaky rus dili we edebiýaty mugallymçylyk institutyny (häzirki Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty) tamamlap, ol «Watan» radioýaýlymynyň «Ylham» bölüminde žurnalist wezipesinde işe başlady. Žurnalistler Atajan Annaberdiýewiň eserlerini şeýle gowy görendikleri üçin ýaş kärdeşiniň adyny köplenç Çemen däl-de «Şahyryň gyzy» diýip tutýardylar. Çemen oňa garşy däldi. Ol kakasyna guwanýardy we hemmetaraplaýyn oňa meňzemek isleýärdi. Şonuň üçin Çemen okuw döwründen goşgy düzüp başlady, onuň ilkinji okyjysy we tankytçysy bolsa şahyr Atajan Annaberdiýewdi.

2017-nji ýylda Çemen Anaberdiýewany «Watan» gazetiniň bölüm müdiri wezipesine işe çagyrdylar. Gazetiň redaksiýasynda işlemek üçin uly zähmet gerek. Çemeniň pikirlerinde edebi setirler döreýär we ol käte «Watan» gazetiniň okyjylaryny täze şahyrana eserleri bilen begendirýär. Şahyr söýgi, Watan, gözel Aşgabat barada yzygiderli ýazýar. Lirika we watansöýüjilik duýgulary onuň goşgularynda biri-biri bilen berk baglanyşýar.
Beýleki halklaryň şahyrlarynyň goşgularyny terjime etmek onuň sungat eserinde bahasyna ýetip bolmajak ugurdyr. Çemen Annaberdiýewa Jelaleddin Rumynyň, pars şahyry Rudakiniň, hindi şahyry Rabindranat Tagoryň, gruzin şahyry Şota Rustaweliniň, özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň, belarus şahyrlary Ýanka Kupalanyň, Mikola Metliskiniň, gyrgyz şahyry Aýala Tokombaýewanyň, rus şahyrlary Anna Ahmatowanyň, Marina Swetaýewanyň, dagystanly şahyr Resul Gamzatowyň, çuwaş şahyry Waleri Turgaýyň we beýlekileriň eserlerini terjime eden şahyrdyr.

Häzir Çemen Annaberdiýewa uly gyzyklanma bilen rumyn şahyry Mihaý Emineskunyň poemasyny terjime etmegiň üstünde işleýär. Häzirlikçe poemadan aýratyn goşgularyň terjimesi çap edildi.
Başga medeniýete we başga döwre degişli bolan awtoryň goşgusynyň terjimesine Çemen öz tejribesinden many çykarýar. Onuň öz goşgulary bäş sany rus we belarus edebiýat žurnallarynda çap edilýär. Ýaňy -ýakynda çykan «Северо-Муйские огни» («Demirgazyk Muýa yşyklary») žurnalynyň 113-nji sanynda bir sahypa türkmen şahyry we terjimeçisi Çemen Annaberdiýewanyň doglan gününe bagyşlanan – ýylyň ahyrynda şahyr 60 ýaşaýar. Onuň Andreý Nowikowyň terjime eden goşgulary bilen bur hatarda öz ýazan goşgylary türkmen dilinde hem çap edildi. Şeýlelikde, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara goşgyny terjimesi bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berilýär.
«Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy Çemen Annaberdiýewany 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlaýar we halklaryň arasyndaky medeni gymmatlyklaryň alyş-çalşygyna gulluk edýän sungatynda täze sepgitlere ýetmegini arzuw edýär, onuň sungat eserleri bolsa Ýer ýüzünde parahatçylyga we dostluga tarap ýol açýar.