Ï Türkmenistanda «ESGCA» taslamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagy bilen okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «ESGCA» taslamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagy bilen okuw maslahaty geçirildi

view-icon 139
Türkmenistanda «ESGCA» taslamasynyň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagy bilen okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanda «Erasmus+» maksatnamasynyň «ESGCA – Bridging Environmental Concerns, Societal Needs and Good Governance in Central Asian Education and Employment Sectors» atly taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi.

«ESGCA» taslamasy Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+ Capacity Building in Higher Education» (CBHE) maksatnamasynyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär. Taslama «ESG» (Environmental, Social and Governance – Ekologiýa, Durmuş jogapkärçiligi we Dolandyryş) ýörelgelerine esaslanýan bilim maksatnamalaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Taslamanyň utgaşdyryjysy Italiýa Respublikasynyň Genuýa uniwersiteti bolup, oňa Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň uniwersitetleri hem-de guramalary gatnaşýar.

Bäş günlük okuw maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda geçirildi. Bu ýokary okuw mekdepleri çäräniň guramaçylary hökmünde çykyş etdiler.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylmy işgärleri we hünärmenleri, şeýle hem Genuýa uniwersitetiniň we Bratislawadaky Slowak tehniki uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatyň açylyşy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Uniwersitetiň rektory, professor Baýrammyrat Atamanow gutlag sözi bilen çykyş edip, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim başlangyçlaryna gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi hem-de häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamakda «ESG» çemeleşmeleriniň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Taslamanyň uniwersitetdäki utgaşdyryjysy, professor Maksat Çüriýew ýerine ýetirilen işler boýunça syn berdi, gazanylan netijeler barada gürrüň berdi we taslamanyň geljekki ösüş ugurlaryny beýan etdi. Genuýa uniwersitetiniň hem-de «ESGCA» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan beýleki halkara guramalaryň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşyjylara ýüzlendiler.

Okuwyň birinji gününde gatnaşyjylar «ESG» düşünjesi we taslamanyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary ekologiýa durnuklylygy, durmuş jogapkärçiligi, töwekgelçilikleri dolandyrmak we häzirki zaman korporatiw dolandyryş meseleleri boýunça çykyş etdiler. Durnukly ösüş medeniýetini kemala getirmekde ýokary bilimiň ornuna aýratyn üns berildi.

Soňra okuw maslahatyň işi italiýaly halkara bilermenleriň gatnaşmagynda dowam etdi. «ESGCA» taslamasynyň Genuýa uniwersitetinden utgaşdyryjysy Anjelo Muzaio taslamanyň gurluşy, onuň esasy wezipeleri we garaşylýan netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol Ýewropa we Merkezi Aziýa uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem taslama çäreleriniň durmuşa geçiriliş mehanizmleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Genuýa uniwersitetiniň professory Agostino Massa «ESG» ýörelgeleriniň durmuş ugurlaryna bagyşlanan okuw maslahatyny geçirdi. Çykyşynyň dowamynda döwlet pudagynda adam serişdelerini dolandyrmagyň häzirki zaman çemeleşmeleri, işgärleriň iş netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary, işgärleriň hünär taýdan ösüşi we amatly iş gurşawyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Professor Jowanni Adorni bilimiň sanly özgertmeleri we bilim işinde emeli aňyň ulanylyşy baradaky mowzukda umumy sapak berdi. Gatnaşyjylar okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary, emeli aň gurallary hem-de olaryň ýokary bilim ulgamynda ulanylyş mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Okuw gollanmalaryny taýýarlamakda we bilim işini guramakda intellektual ulgamlaryň ulanylyşyna degişli mysallar aýratyn gyzyklanma döretdi.

Okuw maslahatyň üçünji güni bilim işinde sanly tehnologiýalary we «ESG» çemeleşmelerini ulanmagyň amaly taraplaryna bagyşlandy. Professor Jowanni Adorni «Prompt-Based Learning» tehnologiýasy boýunça okuw-türgenleşigini geçirip, emeli aň ulgamlary bilen netijeli özara gatnaşygyň mümkinçiliklerini görkezdi. Gatnaşyjylar soraglary dogry taýýarlamak, maglumatlary seljermek hem-de bilim gurşawynda häzirki zaman sanly gurallaryny ulanmak boýunça amaly başarnyklary ele aldylar.

Mowzugyň dowamy hökmünde Bratislawadaky Slowak tehniki uniwersitetiniň professory Stefan Stanko «ESG» ýörelgelerini tehniki uniwersitetleriň işine ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy. Umumy sapagyň dowamynda işgärleri durnukly dolandyrmak, ekologiýa menejmenti, töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Ýewropanyň uniwersitetlerinde «ESG» başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişine degişli amaly mysallara aýratyn üns berildi.

Dördünji gün okuw maslahaty Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda dowam etdi. Gatnaşyjylar institutyň bilim we ylmy işleri, şeýle hem durnukly ösüş ýörelgelerini okuw işine ornaşdyrmak boýunça tejribesi bilen tanyşdylar. Institutyň wekilleri «ESG» ýörelgeleriniň ekologiýa ugurlary, durmuş jogapkärçiligi we töwekgelçilikleri dolandyrmak meseleleri bilen baglanyşykly çykyş etdiler.

Okuw maslahatyň jemleýji güni Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Maksatnama professor Stefan Stankonyň umumy sapagynyň dowamyny, şeýle hem «ESG» ýörelgelerini bilim edaralarynyň işine ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni seljermäge bagyşlanan amaly sapaklary öz içine aldy.

Çäräniň möhüm bölekleriniň biri toparlaýyn maslahatlaşmalar we amaly ýumuşlar boldy. Olaryň dowamynda gatnaşyjylar «ESG» çemeleşmelerini türkmen ýokary okuw mekdepleriniň bilim işine ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar. «ESGCA» taslamasynyň esasy netijeleriniň biri boljak täze magistrlik maksatnamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda geljekki bilim maksatnamalarynyň gurluşyna, okuw dersleriniň sanawyna, uçurymlara bildirilýän talaplara hem-de halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar taslamanyň mundan beýläkki ösüşine we gazanylan tejribäniň ýaýradylmagyna ýardam etjek ýöriteleşdirilen «ESG» merkezlerini döretmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Bäş günlük işiň netijeleri boýunça gatnaşyjylar çäräniň ýokary derejede guralandygyny, ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň möhümdigini we alnan bilimleriň amaly ähmiýetini aýratyn bellediler. Okuw maslahaty Türkmenistanyň mugallymlary bilen ýewropaly bilermenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi.

Çäräniň dabaraly jemleýji bölegi hökmünde taslamanyň çäklerinde okuwy üstünlikli tamamlan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlaryna, hünärmenlerine we işgärlerine halkara şahadatnamalar gowşuryldy.

Okuw maslahaty tamamlanandan soň, daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat şäheri boýunça medeni gezelenç guraldy. Ýewropa uniwersitetleriniň wekilleri türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler, onuň döwrebap binagärligi, medeni desgalary we taryhy mirasy bilen tanyşdylar.

«ESGCA» taslamasynyň esasy maksady öz hünär işlerinde ekologiýa, durmuş jogapkärçiligi we dolandyryş meselelerini toplumlaýyn göz öňünde tutup bilýän hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga ýardam edýän häzirki zaman bilim çemeleşmelerini kemala getirmekden ybaratdyr.

Taslamanyň 2025 – 2026-njy ýyllarda durmuşa geçirilişiniň dowamynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlarynda halkara türgenleşikler, tejribe alyşmalar we okuw çäreleri guraldy. Hususan-da, hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Bratislawa, Genuýa we Sibiu şäherlerinde geçirilen bilim çärelerine gatnaşyp, durnukly ösüş, häzirki zaman dolandyryşy, ýolbaşçylyk, töwekgelçilikleri dolandyrmak hem-de netijeli karar kabul etmek meselelerini öwrendiler.

Mundan başga-da, ýöriteleşdirilen türgenleşikleriň tapgyry Astana, Buhara we Duşenbe şäherlerinde geçirildi. Bu çäreler «ESG» ýörelgeleriniň ekologiýa ugurlaryna, guramalaryň durmuş jogapkärçiligine, işgärleri dolandyrmak, korporatiw dolandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak meselelerine bagyşlandy. Alnan bilimler we tejribe taslamanyň ähli hyzmatdaş ýurtlarynda milli okuw maslahatlaryny geçirmek üçin esas bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanda geçirilen okuw maslahaty «ESGCA» taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr boldy. Onuň netijeleri halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, bilim maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegine, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamyna häzirki zaman «ESG» çemeleşmeleriniň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.

Uzak möhletleýin geljekde bolsa taslama häzirki zaman ykdysadyýetiniň şertlerinde durnukly ösüş we dolandyryş bilen bagly möhüm meseleleri netijeli çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik döreder.