Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy

view-icon 149
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy.

Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Albaniýanyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministrleri, köpsannly ýurlaryň hökümet agzalary, şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri, halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky, BRICS-iň Täze ösüş banky, Ýewraziýa Ösüş banky we beýleki halkara ösüş institutlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde energetika pudagyny ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti we emeli aňy ösdürmek, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman maliýe mehanizmlerini we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň forumyň işine gatnaşmagy, Türkmenistanyň özara bähbitli sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge yzygiderli gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.