Ï Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip

view-icon 797
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet topary gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir.

Taraplar mejlisiň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Taraplar munuň üçin täze netijeli gurallary yzygiderli işläp taýýarlaýarlar. Sebitleriň forumy, türkmen-özbek işewürler geňeşi, söwda-senagat sergileri ýaly çäreler iki ýurduň hususy pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi söwda gatnaşyklarynyň ösüşinde täze sahypany açdy. Mejlise gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklary üçin döredilýän amatly mümkinçilikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.

Ulag ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşýän ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi nygtaldy. Senagat korporasiýasy, himiýa, awtomobil gurluşygy, elektrotehnika önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Mejlisde ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.