Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti uly üstünlik we doly anşlag bilen geçirildi. Agşamyň maksatnamasynda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Disneý multfilmleriniň sazlary ýaňlandy. Multfilmleri diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem söýýändigini tomaşaçylar zalynyň düzümi aýdyň görkezdi – çagalar bilen ulularyň sany deňeçer boldy.

Konsertiň alyp baryjysy Nina Supanko jadyly peri keşbinde çykyş etdi. Ol tomaşaçylary bir Disneý hekaýasyndan beýlekisine ussatlyk bilen ugrukdyrdy. Emma jadyly taýajygyny wagtlaýynça Resul Gylyjowa berdi. Maestro taýajygyny ýokary galdyran badyna monitorda ajaýyp jeňňellikleriň arasynda täze Şir Patyşa dünýä indi. Tebigatyň ýaşaýjylary üçin şatlykly bolan bu pursat meşhur estrada aýdymçysy Döwran Şammyýewiň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň çykyşlary bilen utgaşdy.

«Umman seni saýlady, sebäbi sen öz ýüregiň sesini eşidip bilýärsiň» diýip, Nina Supanko «Moana» atly başga bir ertekiniň gahrymany barada gürrüň berdi. Sahnada Asel Ruslanowa we Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde eser ýaňlandy.

«Ratatuý» atly multfilmdäki gök önümlerden taýýarlanýan meşhur tagam baş gahrymanlar Remi bilen Alfredo Lingwininiň durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Şol multfilmden aýdym Näzli Pirgulyýewanyň we çagalar horunyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

«Zweropoý» multfilmindäki Mina tarapyndan aýdylýan «Hiç zat barada alada etme» atly aýdymy Maýsa Nyýazowa ýerine ýetirdi. Ekranda sazlaryň astynda «Tarzan», «Gözel we Nägehan», «Sowuk ýürek», «Rapunsel», «Eldorado ýoly» we beýleki multfilmlerden parçalar görkezildi.
Jadyly agşamyň ahyrynda simfoniki orkestriň sazandalary kompozitor Skott Bredliniň «Tom we Jerri» multfilmindäki gyzykly kowalaşmanyň depginini we äheňini ussatlyk bilen janlandyrdylar. Zal şowhunly el çarpyşmalardan soň asudalyga beslenen badyna, orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory tomaşaçylara döredijilik toparynyň işine bildirilen gyzyklanma üçin hoşallyk bildirdi. Ol çagalarda ýokary çeper höwesi terbiýelemegiň orkestriň esasy maksatlarynyň biridigini aýratyn nygtady.