2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde ýurdumyzyň wekilýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Bagan bilen iş duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary barada nygtadylar. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Bagan Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Bu resminamanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi tejribe we öňdebaryjy usullary giňeltmäge, bilelikdäki geňeşmeleri we bilermenler duşuşyklaryny gurnamaga, hünärmenleriň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem migrasiýa babatda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Taraplar Ähtnamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmekde we hyzmatdaşlygyň berk halkara-hukuk binýadyny döretmekde möhüm ädim bolandygyny nygtap geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.