Ï Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

view-icon 147
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde şu ýylyň 11–20-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini» geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Medeni-çeperçilik çäre diplomatik, ylym-bilim we döredijilik jemgyýetleriniň wekillerini, beýik türkmen şahyrynyň mirasyny öwrenijileri, mugallymlary, okuwçylary we türkmen ýaşlaryny bir ýere jemledi. Çäreler onlaýn we adaty görnüşlerde geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň pelsepewi mirasy hem-de şahyryň goşgularynyň türkmen halkynyň ruhy-medeni durmuşyndaky ähmiýeti barada çykyşlar edildi.

Çäräniň çäklerinde Magtymgulynyň goşgulary türkmen, ukrain, fransuz we iňlis dillerinde okaldy. Kiýew şäherindäki sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň şahyryň eserleriniň esasynda ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Myhmanlar Magtymguly adyndaky kitaphanada ýerleşýän şahyryň muzeý otagyna hem baryp gördüler. Bu ýerde olar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi, dürli dillerde neşir edilen eserleri, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli saz gurallary bilen tanyşdylar.

«Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde şahyryň «Soňudagy» goşgusynyň türkmen we ukrain dillerinde okalmagy bilen jemlendi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Magtymguly adyndaky kitaphananyň guramaklarynda geçirilen bilelikdäki bu çäreler nesilleri birleşdirýän, halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam edýän we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhümdigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.