Ulag-üstaşyr pudagy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bakuda geçiren gepleşikleriniň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Döwlet Baştutanlary iki ýurduň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän amatly geografik şertleriniň halkara logistika geçelgelerini ösdürmekde öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eýýäm hereket edýän Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça alnyp barylýan işleriň üstünligini belledi. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Rumyniýany birleşdirjek Hazar deňzi – Gara deňiz täze ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjy doly goldaýandyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Hazar we Gara deňiz sebitleriniň birleşdirilmeginiň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze geljegi uly mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu meýilleşdirilen işleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparynyň işini işjeňleşdirmegi teklip etdi.