Ï Daşoguz welaýaty: gök önümleriň bol hasyly öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýaty: gök önümleriň bol hasyly öndürilýär

view-icon 108
Daşoguz welaýaty: gök önümleriň bol hasyly öndürilýär

Şu günler welaýatyň gök ekerançylary üçin gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Meýdanlarda ýeralma ýygymy tamamlanyp barýar, ýazlyk hyýardyr käşiriň ýygymy-da ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýerli daýhanlar, azyndan, iki müň tonna hyýar taýýarlamagy göz öňünde tutýarlar. Käşir barada aýdylanda bolsa, ol ýazda 730 gektar ýere ekildi. Gök ekerançylar her gektardan 180 sentner hasyl alyp, 13 müň tonnadan-da gowrak önüm öndürmekçi. Bu welaýatda käşirden ýylda iki hasyl alynýar. Onuň ýazlyk ekişi üçin bolsa kyrk gektar ýer açylar.

Soňky ýyllarda welaýat ýurdumyzyň gök önümleri öndüriji hojalyklarynyň birine öwrüldi. Daýhanlar ilaty arly ýyl miwedir gök ekin önümleri bilen üpjün etmek üçin has ýaramly ýerleri saýlamaga, bu ekiniň ýerli howa şertlerinde köpçülikleýin ekilmegine has laýyk gelýän ýokary hilli görnüşlerini önümçilige giňden ornaşdyrmak işine dykgat bilen çemeleşýärler.

Şunda ekin meýdanlarynyň we suw gorlarynyň oýlanyşykly ulanylmagyna, bar bolan oba hojalyk tehnikasynyň uly merkezinden başarnykly peýdalanylmagyna köp üns berilýär. Işiň şunuň ýaly alnyp barylmagy sarp ediji bazaryň ýokumly önümler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine we bahalaryň hemişe elýeterli bolmagyna ýardam edýär.