Ï Täze ugurly senagat önümçiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ugurly senagat önümçiligi

view-icon 109
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi
Täze ugurly senagat önümçiligi

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan serişdeleri öndürýän önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy boldy. Gurluşyk ulgamynda we mebel önümçiliginde zerur bolan serişdeleriň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürýän önümçilik desgasynyň işe girizilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň birine öwrüldi.

Ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda we gaýtadan işleýän senagatyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna welaýatyň häkimlikleriniň, Dokma senagatyna degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly ýaşlar gatnaşdylar.

Ulanmaga berlen täze önümçilik binasy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman we ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edildi. Bu önümçilik binasy ýurdumyzyň sarp edijilerini mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa serişdeler bilen doly üpjün eder. Galyndysyz usulda işleýän önümçilik binasy daşky gurşawa zyýansyz bolmak bilen, onuň önümçiligi ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Täze önümçilikde iş orunlarynyň 60-synyň döredilendigini aýratyn bellemeli.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýakymly owazlarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi.

Täze önümçilik binasynyň toý bagy kesilip, onda döredilen şertler, önümçiligiň binasy bilen tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Häzirki zaman önümçiliginiň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy önümçiligiň yzygiderli esasda ýola goýulmagynyň baş şertini emele getirýär.