Ï Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni

view-icon 437
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň (HKP) döredilmeginiň 105 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle-de Türkmenistanda zähmet çekýän diplomatik toparyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy Ata Serdarow çykyş edip, ol iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklara we döwletara gatnaşyklaryna seljeriş berdi hem-de onuň strategik we ynanyşmak häsiýetini nygtady.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täsirli ösüşini aýratyn belläp geçdi.

Ýyl-ýyldan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasyndaky gatnaşyk özara düşünişme, ynam we dowamly tejribe alyşmak esasynda berkeýär, özgerýär – diýip, Ata Serdarow aýtdy.

Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi jemgyýetçilik-syýasy nukdaýnazardan sebit we halkara gatnaşyklaryň geljegini hemmetaraplaýyn seljermäge mümkinçilik berýän täsirli gural bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtlaryň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary iki döwletiň Baştutanlarynyň öz ygtyýaryna we konstruktiw başlangyçlaryna daýanýar. Bu dialog iş duşuşyklary arkaly geçirilişi ýaly dowamly onlaýn-maslahat arkaly hem geçirilýär.

Ata Serdarow Hytaý Halk Respublikasynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşydygyny belledi. Rowaçlanýan häzirki zaman wakalarynyň barşynda Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky gepleşikler deňhukuklylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Baş orunbasary Din Sýuesýanyň jogap sapary bilen Türkmenistana gelmegi syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejedediginiň subutnamasy boldy.

Iş saparynyň çäginde geçirilen gepleşikler we çäreler iki ýurduň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Olar gatnaşyklary ýokary derejede saklamakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi komitetiniň başlygy uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň has-da kuwwatly ösüş depginine eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Demokratik partiýanyň agzalarynyň adyndan Ata Serdarow hytaýly kärdeşlerine Hytaý Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, Hytaý Halk Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, Hytaý halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.