«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň hormatyna guralýan täsirli çärelerdir dabaralar Diýarymyzda giň gerime eýe bolýar. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde geçirilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň welaýat derejesindäki tapgyry hem şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan bilelikde yglan edilen bäsleşik baý mazmunly öwüşginlere, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Birnäçe şertden ybarat bolan bu bäsleşigiň esasy maksady halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan milli medeni mirasyny, gadymy hem müdimi sungatymyzy, nesilme-nesil dowam edip gelýän nusgalyk işlerimizi wagyz etmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly işleriň baş sakasynda durýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň tüýs ýürekden çykan alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şowhunly geçen bäsleşigiň dowamynda çeper ellerinden dürler dökülýän gelin-gyzlar halkymyzyň milli keçesiniň taryhynydyr tarypyny täsirli beýan etdiler, taýýarlanyş aýratynlyklaryny, baý tejribe usullaryny, sungat derejesine göterilen ajaýyp nusgalaryny özleriniň ýerine ýetiren işlerini görkezdiler. Şonuň ýaly-da dürli möçberdäki keçeleri bäsleşigiň şertine baglylykda, bellenilen wagtda ýetişdirmekde özara bäsleşdiler. Mundan başga-da, bäsleşikde mukaddes ojagymyzyň, törümiziň ýaraşygy bolan keçelerimiziň taryhyndan, gözelliginden söhbet açýan gyzykly maglumatlar, rowaýatlar, yrymlar, degişmeler, gazallar aýdylyp, özboluşly baýramçylyga öwrülen bäsleşigiň mazmun baýlygyny, bimöçber ähmiýetini, onuň şowhunyny hasam artdyrdy.

Gyzykly bäsleşigiň jemi jemlenende, sebitiň merkezi Balkanabat şäheriniň topary baş baýragy eýeläp, bäsleşigiň döwlet möçberindäki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de bäsleşikde 1-nji orna welaýatyň Bereket etrabynyň, 2-nji orna Esenguly etrabynyň, 3-nji orna-da Gyzylarbat etrabynyň toparlary mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda baş baýraga hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara welaýat bäsleşiginiň guramaçylary tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.