Ï Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar

view-icon 139
Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar

Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biri-de onuň gamyşgulak bedew atydyr. Bedewlerimiziň owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda, ata-babalarymyzyň tükeniksiz azap-aladalary, bahasyna ýetip bolmajak yhlasly halal zähmeti bardyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň zähmetiniň hem-de akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, gözelligiň we okgunly gadamlaryň nyşany bolup durýar. Türkmen atşynaslygynyň möhüm binýadyny emele getiren meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atynyň buýsançly keşbiniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň berkarar Watanymyzyň nurana geljegini wepaly syrdaşy bedew atyň keşbi we okgunly gadamy bilen baglanyşdyrýandygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy Watanymyzyň täze ösüşlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezip, her bir türkmenistanlyny täze maksatlara we belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur ahalteke atlaryň gadymdan gelýän şöhraty döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli belende göterilýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň bedewlere bolan belent söýgüsiniň, hormat-sarpasynyň netijesinde atlaryň ahalteke tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we wagyz etmek boýunça işler döwlet syýasaty derejesine çykaryldy. Bu işlerde atşynaslyk sungatynyň ýörelgeleriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda dowam edilip, has baýlaşdyrylmagy aýratyn orny eýeleýär. Netijede, ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, olaryň nesil goruny saklamak, kämilleşdirmek, ussat çapyksuwarlaryň we atşynaslaryň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Çünki ahalteke bedewleri milli mirasymyzyň möhüm düzüm bölegidir. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň çäginden alysda hem meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly halkara sylaglara, şol sanda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde her ýyl geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Toparyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly tomaşaçylary haýrana goýup, olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Şeýle hem ol asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy esasy ýörelge edinýän halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde ýaýbaňlandyrylýan çäreler Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän şanly ýylyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyryp, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny äleme ýaýýar.