Ï Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy

view-icon 103

2026-njy ýylyň 4–8-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Ýyllyk mejlisiň çäklerinde wekiliýet, parlamentara dialogy we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge bagyşlanan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament dialogy – ÝHHG sebitinde we onuň çäklerinden daşarda ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň mehanizmi» atly ugurdaş çärä hem gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň konstruktiw halkara dialogyny, özara düşünişmegi hem-de umumy gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli mehanizmleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň bu ugurdaky garaýşyny beýan etdi.

Ýyllyk mejlisiň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampietro bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlarynyň dialogy ilerletmekde, ynanşmagy pugtalandyrmakda we parlament tejribesini alyşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellediler.

Duşuşygyň dowamynda, Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň depgininiň ýokarlanýandygy göz öňünde tutulyp, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn sebit çemeleşmesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.