Ï Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

view-icon 110
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, täjik wekiliýetine bolsa Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy R.Farhodşoh ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Çärä iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de telekeçiler birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ykdysady mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak maksady bilen telekeçilik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigi we dürli ugurlar boýunça giňelýändigi nygtaldy.

Türkmen tarapy täjik hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belläp, Türkmenistanyň senagat kärhanalarynyň, himiýa pudagynyň wekilleriniň, ulag-logistika kompaniýalarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy R.Farhodşoh öz gezeginde täjik işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Mejlisiň dowamynda özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, senagat kooperasiýasyny ösdürmek, ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, oba hojalyk-senagat toplumy, himiýa pudagy we syýahatçylyk ulgamy boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerine, erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçiliklerine we ulag düzümini ösdürmegiň ugurlaryna bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary geçirildi. Çäräniň amaly bölümi işewürleriň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam etdirilip, onda işewür toparlaryň wekilleri geljekki bilelikdäki taslamalary we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

8-nji iýulda türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin Duşenbe şäherindäki iri senagat kärhanalaryna tanyşlyk sapary guraldy. Saparyň dowamynda olar kärhanalaryň önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.