Ï Şalynyň bol hasyly ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şalynyň bol hasyly ugrunda

view-icon 62
Şalynyň bol hasyly ugrunda

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, öz topragymyzda öndürilýän ekologik taýdan arassa oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýatda ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň, esasy azyklyk ekini bugdaýyň ýokary hasyly bilen birlikde beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bol önümi alynýar.

Oňa her ýyl welaýat boýunça kemala getirilýän bol şaly hasylyny mysal getirmek bolar. Sebitde 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň hasyly üçin 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 47 sentnere ýakyn boljakdygyny aňladýar. Öňde goýlan belent sepgide ýetmek maksady bilen welaýatyň şalyçylary häzirki günlerde hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine agrotehniki kadalara laýyklykda hyzmat edip, tutanýerli zähmet çekýärler.

Welaýatda şaly ekiljek ýerleriň öňünden kesgitlenilmegi we köp suw hem-de yzygiderli idegi talap edýän bu ekiniň ekişine taýýarlyk işleriniň göwnejaý alnyp barylmagy, bu wajyp işe tejribeli şalyçy daýhanlaryň çekilmegi işleri talaba laýyk guramaklyga ýardam edýär. Şaly ekişiniň guramaçylykly, ýokary hil derejesinde geçirilendigini, häzirki wagtda şaly ekilen ýerleriň ählisinde gyradeň we doly gögeriş gazanylandygyny bellemek üstümizdäki ýylda hem bu möhüm azyklyk ekininiň bol hasylyny almak ugrundaky tutumlaryň şowly badalga alandygyna şaýatlyk edýär. Şalyçy kärendeçiler tarapyndan bu ekine daýhan yhlasy bilen ideg edilmegi, ekin meýdanlarynda suwuň degişli derejesiniň saklanylmagy, ekine zerur bolan dökünleriň öňünden taýýar edilmegi we göz öňünde tutulan karbomid döküniniň berilmegi şalynyň kadaly boý almagyny üpjün edýär.

Meýilnama laýyklykda, şu önümçilik ýylynda Çärjew etrabynda 2 müň 600, Saýat etrabynda 2 müň 500, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 300 gektar ýerde şaly ekilendigini, bu etraplaryň gymmatly azyklyk ekininiň sebit boýunça bol hasylynyň kemala getirilmegine aýratyn goşant goşjakdyklaryny bellemek bolar.

Häzirki wagtda şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işler welaýatyň zähmetsöýer şalyçy daýhanlarynyň öňde goýan arzyly maksatlaryna ýetjekdiklerine bolan ynamyňy has-da berkidýär.