Ï Türkmen hünärmenleri «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň çäklerinde ykdysady iňlis dilini kämilleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň çäklerinde ykdysady iňlis dilini kämilleşdirýärler

view-icon 43
Türkmen hünärmenleri «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň çäklerinde ykdysady iňlis dilini kämilleşdirýärler

Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezlerine yzygiderli saparlary amala aşyrýarlar, şeýle hem halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, degişli okuwlara, şol sanda onlaýn görnüşindäki okuwlara gatnaşýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň wekilleriniň şu gün resmi taýdan ýedinji tapgyryna badalga berlen «C5+O.N.E.» (Opening Networks Through English) maksatnamasyna goşulyşmagy boldy. Bu okuw maksatnamasy Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 400-den gowrak hünärmenini birleşdirýär. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de ABŞ-nyň Halkara bilim boýunça geňeşleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Maksatnamanyň esasy maksady sebitde iňlis dilini bilmek derejesini ýokarlandyrmak, sebitleýin integrasiýany has-da ösdürmek, hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.

Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerine wekilçilik edýän ýedinji tapgyra gatnaşyjylar oba hojalygy, bank işi we maliýe ulgamy, maglumat tehnologiýalary, telekeçilik hem-de energetika ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda zähmet çekýärler. Olar «Ykdysadyýet üçin iňlis dili» okuw maksatnamasynyň çäklerinde hünär iňlis dili boýunça başarnyklaryny kämilleşdirerler, amerikaly bilermenler bilen hyzmatdaşlyk ederler. Şeýle hem olar şu wagta çenli maksatnamany üstünlikli tamamlan 2200-den gowrak hünärmeni öz içine alýan uçurymlar toruna goşularlar.

ABŞ-nyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lesli Wigeri açylyş dabarasynda çykyş edip şeýle diýdi: «Iňlis dili geljekdäki ykdysady ösüşiň dilidir. Ol dünýä söwdasynyň, maglumat tehnologiýalarynyň, ylmy barlaglaryň dilidir. Men sizi bu mümkinçilikden doly peýdalanmaga we iňlis dilini geljegiňiziň aýrylmaz bölegine öwürmäge çagyrýaryn».

Dokuz aý dowam etjek okuw döwründe gatnaşyjylar ýöriteleşdirilen iňlis dili sapaklaryny geçerler, hünär başarnyklaryny ösdürmäge, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de kärdeşleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen çärelere gatnaşarlar. Öz ýurtlarynda geçiriljek çärelerden başga-da, olar sebitleýin maslahata gatnaşyp, amerikaly bilermenler bilen pikir alyşarlar, täze hünär gatnaşyklaryny ýola goýarlar hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenerler.

Maksatnamanyň ýedinji tapgyryna Gazagystandan, takmynan, 130, Gyrgyz Respublikasyndan 90, Täjigistandan 100, Türkmenistandan 60 we Özbegistandan 100 gatnaşyjynyň kabul edilendigini bellemek gerek.

Ýedinji tapgyryň işe başlamagy «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň hünär başarnyklaryny ösdürmäge, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki ösüşi we rowaçlygy üçin täze mümkinçilikleri giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

«C5+O.N.E.» maksatnamasy barada goşmaça maglumatlary onuň sosial torlardaky sahypalaryndan we American Councils Global web sahypasyndan alyp bolýar.