Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Duşuşygyň esasy üns merkezinde elektrik energetikasy hem-de ulag-logistika ugurlarynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boldy.
Mejlisiň gün tertibindäki esasy meseleleriň biri elektrik energetikasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk boldy. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly binýat hökmünde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurulýan, kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy çykyş edýär.
Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän möhüm üstaşyr merkezlerdigini bellediler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Baku Halkara deňiz söwda portunyň döwrebaplaşdyrylan infrastrukturalarynyň netijesinde Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalary üçin amatly ugurlar üpjün edilýär.
Iki ýurduň bilelikdäki tagallalary Hazar sebitiniň netijeli logistika merkezine öwrülmegine, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönüden-göni ýardam berýär.