Ï Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika we ulag-üstaşyr pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika we ulag-üstaşyr pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

view-icon 59
Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika we ulag-üstaşyr pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmak strategik ähmiýetli pudaklarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň duşuşygynda nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda Azerbaýjana amala aşyrylan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi. Ýokary derejedäki gepleşikler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin berk binýady döretdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň möhümdigini belläp, birnäçe ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berdiler. Olaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek hem-de halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bar.

Söhbetdeşler iki ýurduň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Duşuşykda bellenilişi ýaly, bu topar söwda, logistika, ylym, tehnika we beýleki ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän esasy utgaşdyryjy gural bolup durýar.