Ï Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

view-icon 112
Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasatyň esasy wezipelerini kesgitledi. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli iri forumlaryň birnäçesini kabul etmek we olary ýokary derejede guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz aşakdaky iri halkara çäreleriniň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitini we beýleki möhüm çäreleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçirmek bar.

Türkmenistanyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna we Bitaraplyk gününe mynasyp taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Bu baýramçylyklar köp sanly halkara duşuşyklary we degişli çäreleri öz içine alar.