Ï Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

view-icon 68

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä onuň kakasy — Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin! Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we Katar Döwletiniň ähli halkyna gynanjyny bildirip, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.