Ï Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

view-icon 372

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň kuwwatly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy jikme-jik seljerildi. Şeýle hem ylym, bilim we sungat ugurlarynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini öz içine alýan däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Daşary işler ministrleri sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar.