Ï Jon Defterios OGT 2026-da Baş alyp baryjy we Halkara Moderator hökmünde çykyş eder – maslahat taýýarlygy möhüm sepgitlere ýetdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jon Defterios OGT 2026-da Baş alyp baryjy we Halkara Moderator hökmünde çykyş eder – maslahat taýýarlygy möhüm sepgitlere ýetdi

view-icon 703
Jon Defterios OGT 2026-da Baş alyp baryjy we Halkara Moderator hökmünde çykyş eder – maslahat taýýarlygy möhüm sepgitlere ýetdi

31-nji «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze möhüm tapgyra gadam basdy. Abraýly žurnalist, ykdysadyýet boýunça seljeriji Jon Defterios çäräniň Baş alyp baryjysy (Anchor) hem-de Baş halkara moderatory (Lead International Moderator) hökmünde resmi taýdan tassyklandy.

Bu habar OGT 2026-a bolan halkara gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Häzirki wagta çenli maslahata 150-den gowrak wekiliň gatnaşmagy tassyklanyldy, sergi meýdançalarynyň hemmesi doly satyldy, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy — SOCAR çäräniň Premier Partneri hökmünde gatnaşjakdygyny mälim etdi.

OGT 2026 şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçiriler. Forum döwlet edaralarynyň wekillerini, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny, tehnologiýa üpjün edijilerini, pudak hünärmenlerini hem-de halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Jon Defteriosyň gatnaşmagy maslahatyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrar we onuň strategik hem-de ýolbaşçylar derejesindäki mejlislerinde many-mazmunly, netijeli pikir alyşmalaryň geçirilmegine ýardam eder.

Energetika we ösüp barýan bazarlar boýunça baý halkara tejribe

Jon Defterios energetika, halkara söwda, geosyýasat we ösüp barýan bazarlar boýunça 35 ýyldan gowrak tejribesi bolan halkara žurnalist, ykdysady seljeriji, moderator we alymdyr.

Ol ozal CNN Business teleýaýlymynda ösüp barýan bazarlar boýunça redaktor we alyp baryjy bolup işledi hem-de Abu-Dabidäki edarasynyň üsti bilen Ýakyn Gündogar, Ýewraziýa we beýleki sebitlerde ykdysady hem-de energetika ugurlaryndaky möhüm wakalary beýan etdi.

Käriniň dowamynda CNN, Reuters Television we ABŞ-nyň PBS Television kanallarynda işläp, Aýlag urşy, Berlin diwarynyň ýykylmagy, dünýä maliýe ösüşleri, G8 we G20 sammitleri, şeýle hem dünýä energetika bazarlarynda bolup geçen möhüm özgertmeler ýaly taryhy wakalary beýan etdi.

Ol döwlet Baştutanlary, ministrler, syýasaty kesgitleýjiler we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen köp sanly söhbetdeşlikleri geçirdi. Halkara energetika bazarlary baradaky çuňňur bilimleri hem-de ýokary derejeli çekişmeleri ussatlyk bilen alyp barmak ukyby onuň dünýäniň iri forumlarynda giňden islenilýän moderatorlaryň birine öwrülmegine mümkinçilik berdi.

Jon Defterios Bütindünýä Ykdysady Forumynyň (WEF), OPEC Seminarlarynyň, Atlantic Council Global Energy Forumynyň, ADIPEC-iň, Halkara Pul Gaznasynyň (IMF) hem-de beýleki iri ykdysady we energetika forumlarynyň mejlislerine başlyklyk etdi we moderatorlyk etdi.

Häzirki wagtda ol Nýu-Ýork uniwersitetiniň Abu-Dabidäki bölüminiň biznes professory, APCO Worldwide kompaniýasynyň strategik uly geňeşçisi hem-de Bütindünýä Ykdysady Forumynyň energetika boýunça uly ylmy işgäri bolup işleýär. Energetika žurnalistikasyna goşan goşandy üçin oňa birnäçe halkara sylaglar, şol sanda Abdullah Bin Hamad Al-Attiyah International Foundation hem-de International Association for Energy Economics tarapyndan sylaglar gowşuryldy.

OGT 2026-nyň dowamynda Jon Defterios maksatnamanyň esasy bölümlerine ýolbaşçylyk eder hem-de birnäçe ýokary derejeli halkara sessiýalary alyp barar. Bu bolsa maslahatyň işjeň we täsirli formatda geçirilmegine, çykyş edýänleriň arasynda netijeli pikir alyşmalaryň ýola goýulmagyna hem-de Türkmenistanyň energetika pudagynyň ileri tutulýan ugurlaryny halkara gün tertibi bilen utgaşdyrmaga ýardam eder.

Jon Defterios şeýle diýdi:

OGT 2026-da Baş alyp baryjy we Baş halkara moderator hökmünde çykyş etjekdigime örän şat. Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary we öňdebaryjy halkara energetika kompaniýalary bilen giňelýän gatnaşyklary netijesinde sebitleýin hem-de dünýä energetika ulgamynda möhüm strategik orny bar. Aşgabatda döwlet ýolbaşçylary, pudak ýolbaşçylary, maýadarlar we tehniki hünärmenler bilen duşuşmaga hem-de energetika pudagynyň geljegini kesgitleýän mümkinçilikler boýunça netijeli dialogyň geçirilmegine goşant goşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Halkara gatnaşyjylaryň sany yzygiderli artýar

Jon Defteriosyň gatnaşmagynyň tassyklanmagy OGT 2026-a hasaba alyş işleriniň ýokary depginde dowam edýändigi bilen gabat geldi. Häzirki wagta çenli 150-den gowrak gatnaşyjy öz gatnaşygyny resmi taýdan tassyklady. Bu bolsa energiýa kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, hyzmat üpjün edijileriň, tehnologiýa işläp düzüjileriň hem-de halkara guramalarynyň çärä barha artýan gyzyklanmasyny görkezýär.

Maslahata Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we beýleki sebitleriň energetika bazarlaryndan iri wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Irki hasaba alyşlaryň ýokary derejesi halkara energetika jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň ösüş maksatnamalaryna, maýa goýum mümkinçiliklerine hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlarynyň birine eýe bolmagy, gury ýer we deňiz ýataklaryny ösdürmek, energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan işlemegi giňeltmek hem-de ýokary goşulan gymmatly önümleri öndürmek boýunça durmuşa geçirýän strategiýasy OGT 2026-nyň esasy gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolar.

Maslahatyň maksatnamasynda gözleg we çykaryş işleri, tebigy gazyň ykdysady taýdan netijeli ulanylmagy, deňiz ýataklaryny özleşdirmek, nebithimiýa, taslamalary maliýeleşdirmek, sanlylaşdyrmak, emeli aň, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi, adam maýasyny ösdürmek hem-de innowasiýalaryň orny ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem çäre ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewürlik-gepleşikleri we halkara kompaniýalar bilen Türkmenistanyň energetika edaralarynyň arasynda göni dialoglar üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Sergi meýdançalary dolulygyna satyldy

OGT 2026-a bolan ýokary gyzyklanmanyň nobatdaky subutnamasy hökmünde sergi meýdançalarynyň ählisi dolulygyna satyldy.

Sergide gözleg we çykaryş, inženerçilik, gurluşyk, nebitgaz hyzmatlary, enjam öndürijileri, sanly tehnologiýalar, awtomatlaşdyryş, ekologiýa çözgütleri, logistika we hünär hyzmatlary ýaly ugurlarda işleýän milli hem-de halkara kompaniýalaryň mümkinçilikleri görkeziler.

Sergi ýerleriniň öňünden doly satylmagy kompaniýalaryň öz tehnologiýalaryny we tejribelerini tanyşdyrmaga, çözgüt kabul edijiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de Türkmenistanda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Sergi meýdançalary doly eýelenen hem bolsa, maslahat gatnaşyjylary üçin hasaba alyş işleri dowam edýär. Guramaçylar gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän guramalary öz wekiliýetlerini irki möhletlerde hasaba almaga çagyrýar.

SOCAR – OGT 2026-nyň Premier Partneri

Guramaçylar Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy SOCAR-yň OGT 2026-nyň Premier Partneri hökmünde çykyş etjekdigini hem resmi taýdan tassykladylar.

SOCAR Hazar sebitiniň öňdebaryjy integrirlenen energetika kompaniýalarynyň biri bolup, nebit we gaz gözlegi, çykarylyşy, daşalmagy, gaýtadan işlenmegi, nebithimiýa önümleriniň öndürilişi hem-de halkara söwdasy ýaly ugurlarda giň gerimli iş alyp barýar.

Kompaniýanyň Premier Partner hökmünde gatnaşmagy Hazar sebitindäki energetika hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär hem-de sebitleýin arabaglanyşyk, maýa goýum, tehnologiýa hyzmatdaşlygy we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçiriljek pikir alyşmalara möhüm goşant goşar.

Öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagy OGT-nyň milli ösüş maksatlaryny halkara tejribesi, innowasion tehnologiýalar we maýa goýum mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrýan täsirli halkara platforma hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrýar.

Ýakyn hepdelerde strategik hyzmatdaşlar, esasy çykyş edijiler, daşary ýurt wekiliýetleri hem-de maslahatyň maksatnamasy boýunça goşmaça maglumatlaryň yglan edilmegine garaşylýar.

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.»

OGT 2026 Türkmenistanyň «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Energy Forum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýar.

Üç günüň dowamynda geçiriljek maslahat we sergi strategik dialog, hünär derejesindäki tejribe alyşmak hem-de täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Çäräniň «Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» diýen resmi şygary energiýa serişdelerini jogapkärçilikli ösdürmegiň, ygtybarly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hem-de innowasiýalaryň we maýa goýumlaryň ykdysady hem-de tehnologik ösüşdäki ornuny şöhlelendirýär.

Dünýä derejesinde ykrar edilen Baş alyp baryjynyň we halkara moderatoryň gatnaşmagy, hasaba alnan wekilleriň sanynyň yzygiderli artmagy, sergi meýdançalarynyň dolulygyna satylmagy hem-de SOCAR-yň Premier Partner hökmünde tassyklanmagy OGT 2026-a taýýarlyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäheri halkara energetika jemgyýetçiliginiň wekillerini kabul etmäge taýýarlyk görýär. OGT 2026 bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge we energetika pudagynda netijeli dialogy ilerletmäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde çykyş eder.