Ï Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy boýunça täze başlangyçlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy boýunça täze başlangyçlary

view-icon 606
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy boýunça täze başlangyçlary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşynyň köp sanly möhüm meselelerine garaldy. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri hökmünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada eden hasabaty diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm başlangyçlar öňe sürüldi.

Şolaryň biri Pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklipdir. Täze düzümiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara maliýe institutlary bilen yzygiderli gepleşikleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem onuň esasy wezipeleriniň hatarynda Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça Sebit merkezini hem-de Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini döretmek ugrunda işleri utgaşdyrmak bolar.

Beýleki teklip Aşgabat howa dialogyny ýola goýmak bilen baglanyşyklydyr. Bu taslama dünýäniň howa gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin täze institusional meýdança bolar.

Başlangyçlaryň hatarynda geljekde dörediljek sebit ekologiýa merkezleriniň dolandyryş gurluşyny we özara hyzmatdaşlyk gurallaryny kesgitlejek Hereketler meýilnamalaryny taýýarlamaga girişmek hem göz öňünde tutulýar.

Indiki teklip maliýe hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF), Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny halkara derejede wagyz etmek maksady bilen, iri halkara forumlarda we sergilerde Milli pawilýonlary hem-de tanyşdyryş meýdançalaryny guramak hem meýilleşdirilýär.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.