Ï Türkmen okuwçylary Daşkentde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen okuwçylary Daşkentde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar

view-icon 411
Türkmen okuwçylary Daşkentde geçirilen Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 10–19-njy iýul aralygynda geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyza dört medal getirdiler.

Şu ýyl abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 92 ýurdundan 363 sany zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Türkmenistana bu olimpiadada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň topary wekilçilik etdi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar. 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş medala mynasyp boldy. 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa hem-de Rüstem Jumaýew bolsa bürünç medallary gazandylar.

Abraýly halkara olimpiadasynyň dowamynda türkmen okuwçylary himiýa ugry boýunça çuňňur nazary bilimlerini, şeýle hem tejribe işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmek başarnyklaryny üstünlikli görkezdiler.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazanan nobatdaky üstünligi milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini, zehinli ýaş nesliň giň akyl-paýhas mümkinçiliklerini hem-de halkara giňişliginde täze belentlikleri eýelemäge bolan yzygiderli ymtylyşyny aýdyň görkezýär. Şeýle üstünlikler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine mynasyp goşant goşýar.