Ï Aşgabatda oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

view-icon 71
Aşgabatda oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek baradaky teklip makullanyldy.

Halkara çärä görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.

Maýa goýum forumynyň we ugurdaş çäreleriň maksatnamasyna giň gerimli meseleler giriziler. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika hem-de senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, sanly we «ýaşyl» özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, agrotelekeçiliginiň ösdürilmegi, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar bar.

Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ugurlaryny, söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşini, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti forumy geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, onuň ýokary derejede geçirilmegi boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.