Ï «Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

view-icon 465
«Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Anzan» mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Kämil bilim» we «Zehin ýoly» okuw merkezleri bilelikde gurady.

Memoriad Bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň «Flaş Anzan Marafon» kategoriýasy boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyz boýunça 6 – 14 ýaş aralygyndaky 120-ä golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy. Çekeleşikli geçen intellektual ýaryşyň netijeleri boýunça 24 okuwçy baýrakly orunlara mynasyp boldy, 5 sany okuwçy bolsa milli rekordlary täzelemegi başardy.

Çempionatda umumylykda iň ýokary bal toplanlaryň hatarynda birinji orny Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internadyň 7-nji synp okuwçysy Emrah Şamuradow eýeledi. Ikinji orna Aşgabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ybraýym Kerimow, üçünji orna bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kerim Gahrymanow mynasyp boldy. Şeýle-de, ýaş derejeleri boýunça ýene 21 okuwçy degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara eýe boldular.

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Weli Saparow ikili sanlary ýat tutmak boýunça täze rekord goýdy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew ýatdan kwadrat kök almak boýunça tapawutlandy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Batyrow ýatdan köpeltmek (5x5) boýunça iň gowy netijäni görkezdi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Rowaç Begenjow bolsa ýatdan goşmak, şeýle hem iň çalt ýatdan goşmak boýunça milli rekordlary täzelemegi başardy.

Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan we milli rekordy täzelän okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de noutbuklar gowşuryldy.

Iň ýokary utuk gazanan okuwça we ony «Anzan» mental arifmetika maksatnamasy boýunça taýýarlan mugallymyna Wýetnama 7 günlük syýahat sertifikaty dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Milli rekordlary täzelän okuwçylar bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna 5 günlük syýahat sertifikatlary bilen sylaglandylar.