Ï Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary FIBA-nyň Milletler ligasynda Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary FIBA-nyň Milletler ligasynda Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdy

view-icon 77
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary FIBA-nyň Milletler ligasynda Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdy

Türkmenistanyň basketbol boýunça 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndylary Singapurda geçirilýän abraýly «FIBA 3x3 U23 Nations League 2026» halkara ýaryşyndaky çykyşlaryna ynamly ýeňiş bilen başladylar. Bäsleşigiň birinji tapgyrynyň ilkinji duşuşyklarynda türkmen basketbolçylary we basketbolçy gyzlar Kataryň ýygyndylaryndan üstün çykdylar. Erkekler ýygyndysy 15:9 hasabynda ýeňiş gazanan bolsa, zenanlar topary garşydaşyny 21:6 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.

Iki ýeňiş hem Awstraliýanyň ýygyndysynyň çykyş edýän «B» toparçasynda gazanyldy. «A» toparçada bolsa Singapuryň, Saud Arabystanynyň we Bahreýniň ýygyndylary güýç synanyşýarlar. Bu toparlaryň ählisi «Asia West/Pacific» konferensiýasynda çykyş edýärler.

Singapurda ýurdumyzyň abraýyny goramak üçin ýaş basketbolçylaryň iň güýçli düzümi ýaryşa gatnaşýar. Ýewgeniý Nazipowyň baş tälimçiligindäki erkekler ýygyndysynyň düzüminde Döwlet Narmyradow, Baýramdurdy Geldiýew, Roman Seleznew, Baky Gurbanow we Alijan Bekçanow çykyş edýärler. Zenanlar toparyna baş tälimçi Mährijemal Jumageldiýewa ýolbaşçylyk edýär. Toparyň düzüminde Jennet Hajymämmedowa, Ranajan Ýakubowa, Mariýa Salmina, Farangiz Saitowa we Maral Merdanowa bar.

Singapurda geçirilýän halkara ýaryş 26-njy awgusta çenli dowam eder. Bäsleşikde esasy maksatlaryň biri – «Asia West/Pacific» konferensiýasynyň ýeňijisi bolmak. Bu ýeňiji 15–19-njy sentýabr aralygynda Hytaýyň Hubeý şäherinde geçiriljek «FIBA 3x3 U23» dünýä çempionatyna göni ýollanma alar.