Ï Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar

view-icon 364
Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar

Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki miras – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. On günüň dowamynda Russiýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen alymlar sebitiň ýerli halklarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň we altaýlylaryň durmuşyny hem-de däp-dessurlaryny öwrendiler.

Meýdan barlaglaryna işjeň gatnaşan türkmenistanly etnograflar Altaý halklarynyň medeniýeti bilen türkmen milli mirasynyň arasynda köp sanly meňzeşligi ýüze çykardylar.

Biýsk şäherinde kumandin jemgyýeti bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň wekili Aýna Baýmyradowa çuňňur dil we medeni ýakynlygy aýratyn belledi:

– Kumandinlerde biziň dilimizdäki sözlere meňzeş sözler örän köp, sebäbi biziň türki diller bilen umumy köklerimiz bar. Aýdymlarymyzyň, ynançlarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň nähili ýakyndygy haýran galdyrýar. Ýaşulular bize köp gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler – diýip, Aýna Baýmyradowa aýtdy.

Myhmanlara oda sežde etmek bilen bagly milli dessur görkezildi, milli tagamlardan hödür edildi we talhanyň taýýarlanyş usuly görkezildi. Türkmen medeniýetinde talhan gadymy däp bolan ösümlik önümleriniň biridir. Ol gowrulan bugdaý dänesiniň el degirmeninde owradylmagy arkaly taýýarlanýar. Oguzlaryň gadymy däbine görä, ony iýmezden öň ýag bilen garypdyrlar.

Alymlar senetçilige we onuň nyşanlaryna hem aýratyn üns berdiler. Ust-Kan we Ust-Koksin etraplarynda keçe basmak zenanlaryň esasy meşgullanýan hünärleriniň biridir. Ust-Kanda geçirilen keçe basmak boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşan Aýna Baýmyradowa tehnologiýalaryň we nagyşlaryň meňzeşligine ünsi çekdi:

– Türkmenistanda keçe basmagyň usuly we nagyşlary altaý nusgalaryna örän meňzeýär. Her bir nagyş çuňňur many berýär. Ol öýüň goragynyň we abadançylygyň nyşanydyr. Hususan-da, biz goçak nagşyna – dag goçunyň şahlarynyň şekiline gabat geldik. Arhar türki halklaryň totemleriniň biri bolupdyr. Şonuň üçin bu şekil altaýlylarda-da keçe önümlerinde, keşdelerde, hatda binagärlik bezeglerinde hem duş gelýär – diýip, Aýna Baýmyradowa belledi.

Türkmenistanda keçe ençeme asyrlaryň dowamynda gündelik durmuşyň, baýramçylyklaryň we halk dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Ylmy gatnaşyklary berkitmek maksady bilen ekspedisiýanyň guramaçylaryna «Türkmeniň keçesi» atly düýpli ylmy kitap sowgat berildi. Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny gowşurdy.

Ekspedisiýanyň dowamynda halkara topary takmynan 2000 kilometr ýol geçip, 10 sany ilatly ýere baryp gördi we ýerli däp-dessurlary bilýän onlarça adam bilen söhbetdeş boldy. Ekspedisiýa gatnaşyjylar awçylyk, maldarçylyk, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşy we ynançlar bilen bagly däp-dessurlarda köp sanly umumylygy ýüze çykardylar. Bu meňzeşlikler etnograflary hem, ýerli ýaşaýjylary hem özara ýakynlaşdyrdy.

Uly göwrümli taslamanyň guramaçylary «Uly Altaý» Altaý öwreniş we türkologiýa ylmy-bilim merkezi hem-de Gorno-Altaý döwlet uniwersiteti bolup, taslama Russiýanyň Geografiýa jemgyýetiniň Altaý ülkesindäki bölüminiň goldawy bilen geçirildi.

Saparyň netijeleri boýunça baý arhiw toplanyldy. Oňa onlarça sagatlyk ses ýazgylary, suratlar we özboluşly meýdan bellikleri girýär. Toplanan maglumatlar bilelikdäki monografiýalary hem-de täze halkara ylmy taslamalary taýýarlamak üçin esas bolar.