Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň emeli aň ulgamyndaky howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan mejlise gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy.
Gazagystanyň Prezidenti köptaraplaýyn forumlara iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny belledi.
Öz gezeginde Gahryman Arkadagymyz sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli bilelikdäki işlere ünsi çekdi. Şeýle hem ol esasy ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we ýakyndygyny kanagatlanma bilen belledi.