Ï «Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi

view-icon 571
«Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi
«Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi
«Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi
«Urban Nomad» etnomoda bäsleşiginde «Ganatly zaman» toplumynyň önümleri görkezildi

Etnomoda – bu wagta bagly bolmazdan, hemişe wajyp galýan uslypdyr. Möwsümleýin modalardan tapawutlylykda, ol dünýä halklarynyň köp asyrlyk däplerine, medeniýetine we özboluşlylygyna esaslanýar. Çarwalaryň baý mirasy häzirki zaman amaly sungatynda häzirem ýaşamagyny we ösmegini dowam etdirýär.

31-nji awgust – 6-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçirilen Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň medeni maksatnamanyň çäginde «Urban Nomad» halkara etnomoda bäsleşigi geçirildi. Şeýlelikde, moda ilkinji gezek oýunlaryň resmi ugurlaryna girizildi, bäsleşigiň özi bolsa giň maksatnamanyň iň gyzykly wakasy boldy.

Çäräniň esasy bölegi öňdebaryjy ussatlaryň öz döreden lybaslarynyň sergisini we dabaraly gözden geçirilişini öz içine alýardy. Moda gözden geçirilişine jemi 10-dan gowrak ýurtdan: Azerbaýjandan, Indoneziýadan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan biçimçiler gatnaşdylar.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu günki gün Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň ýaş moda biçimçileri özboluşlylygyň ýokary derejesini görkezýärler. Olar biçimde we tikinde ajaýyp tehnologik çözgütleri tapmak bilen, aňyrdan gelýän geýim medeniýetini üstünlikli döwrebaplaşdyrýarlar.

Moda gözden geçirilişine Türkmenistandan iki wekil – «VILL'S» brendini esaslandyran Güljemal Bakyýewa we biçimçi Jennet Berdiýewa dagy gatnaşyp, ýörite hyzmatdaşlar toparyny döretdiler. Olar bilelikde döreden «Ganatly zaman» atly toplumyny görkezdiler. Lybaslary işlemekde biçimçiler türkmen halkynyň taryhyna we däp-dessurlaryna daýandylar, şunda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň golaýlap gelýän 35 ýyllygy esasy ylham çeşmesi boldy – toplum hut şu senä bagyşlanypdy.

– Biziň etnik toplumymyzda döwrebaplaşdyrylan ýedi lybas bar – diýip, Güljemal Bakyýewa gürrüň berýär. – Zenan lybaslaryna milli kysymly ägirt uly şaýdyr sepler goşulýar. Adaty el keşdeleri her bir lybasyň iň esasy bölegine öwrüldi. Şu gözden geçirilişine gatnaşmak bilen, biz ata Watanymyzy şeýle möhüm sene bilen gutlamak hem öz hoşallygymyzy beýan etmek isledik. Bäsleşigiň diplomyna mynasyp görülmegimiz biziň üçin diýseň ýakymly waka boldy – diýip, Güljemal Bakyýewa aýtdy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, «Urban Nomad» halkara bäsleşigiň baş baýragyny «Alp Kara-Kuş» toplumynyň awtory gyrgyzystanly Ozodbek Dadabaýew aldy. Gyrgyzystanly, indoneziýaly we özbegistanly ussatlar hem baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň esasy maksady gyrgyz we çarwa modasyny dünýä görkezmek, şeýle hem zehinli ýaş biçimçileriň halkara derejesine çykmagyna kömek etmekdir. Gözden geçirilişine gatnaşanlaryň nygtaýşy ýaly, milli lybaslar adamy hemişe başgalardan tapawutlandyrýar. Medeni geýimler tutuş milletiň taryhyny, nyşanlaryny we ruhuny beýan etmek bilen, bize çuňňur manylary ýetirýär.

Bäsleşik häzirki zaman modasynyň geçmiş bilen geljegiň arasynda mäkäm köpri bolup hyzmat edip biljekdigini ýene-de bir gezek subut etdi. Asyrlar boýy ata-baba däplerini aýawly saklamak, hormatlamak we nesilden-nesle geçirmek arkaly etnik biçüw ussatlary diňe bir milli özboluşlylygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, oňa täze, ylham beriji owaz hem goşýarlar.